36.9 C
Aşkabat
03.08.2025
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýakylýan mazudy, awtobenzini, uçar kerosinini, gyzdyrylan nebit koksyny satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýdan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplügi, saryja goýunlarynyň ýüňi, pagta süýümi, pagta galyndysy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Malta, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 70 million 424 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 274 müň manatdan gowrak bolan azyklyk dänäni satyn aldylar.

Degişli makalalar

IX.TÜRKMENİSTAN ULUSLARARASI YATIRIM FORUMU

syrach

Daşkent dünýäniñ tanymal nebit we tebigy gaz firmalaryny myhman alýar

syrach

Maliýe-ykdysady ulgamynyň häzirki döwürde gazanýan netijeleri.

syrach