01.12.2025
TEHNOLOGİÝA

Milli Awtoulag Nawigasiýa Kartasy Döredilýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Geografiki maglumatlar merkeziniň barlaghanasynyň işgärleri Türkmenbaşy şäheri we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy üçin bu ýeriniň nawigasiýa kartasyny döretmek işlerine girişdiler. 

Bu günki gün hem döwlet, hem hususy awtoulaglarynyň üsti dünýäniň iň gowy önüm öndürijileriň maşynlary bilen ýetirilýär. Onuň bir bölegi bolsa köp ugurly GPS nawigatorlardyr. 

«Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda» biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-ýuwaş umman we günorta-aziýa ykdysady ulgamynyň transkontinental ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenendir. Bu uzakmöhletleýin maksatnamanyň çäklerinde ulag ulgamynyň güýçli depginlerde ösdürilmegi geljekde ýük daşalyş we ýolagçy gatnatmagyň hajatlaryny doly möçberde kanagatlandyrýan ulag-kommunikasiýa toplumynyň öňürdýän ösüşini ornaşdyrylmagyny talap edýär.

Degişli makalalar

Türkmen Gämi Gurluşykçylary Hyzmatdaşlyk Gatnaşyklaryny Ösdürýärler

Ýokary Tehnologiki Önümçiligi

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Özbegistanda Öndürilen Oba Hojalyk Tehnikalarynyň Tanyşdyrylyşy Boldy