35.9 C
Aşkabat
02.08.2025
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar. Birleşen Aprap Emirliklerinden we Owganystandan gelen täjirler dizel ýangyjyny (Seýdiniň NGIZ), Owganystanyň wekilleri bolsa – tehniki kükürdi (“Türkmengaz ” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna taýýar dokma önümleri, arassalanan pagta ýagy, bugdaý uny, nah ýüplügi, pagta-süýümi, regenerirlenen süýüm ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Malta, Owganystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 87 million 482 müň dollaryndan gowrak boldy.

Degişli makalalar

“Türkmenhowaýollary” Agentliginiň we Kazanyň Dikuçar Zawodynyň Wekilleriniň Arasyndaky Wideoaragatnaşyk Ulgamy Arkaly Gepleşikler

Birža Täzelikleri

syrach

Milli Ykdysadyýetimizi Ösdürmegiň Netijeleri Jemlendi

turkmenhabargullugy