37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Weteranlaryň Arasynda Küşt Çempionaty Geçirildi

Paýtagtyň küşt we şaşka mekdebinde weteranlaryň arasynda klassiki küşt boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi. Ýaryşa ýaşy altmyşdan ýokary bolan türgenler gatnaşdy. 



Aýlawly geçirilen ýaryşyň dowamynda bäşinji tapgyrdan soňra baýrakçylaryň üçüsi belli boldy. Birinji orny, mümkin bolan 5 utukdan 4,5 utuk toplan Şanyýaz Annanyýazow eýeledi. Ikinji we üçünji orny her biri 3 utuk gazanmagy başaran Aleksandr Şoh we Aşyr Meredow özaralarynda paýlaşdylar. 

Baýrakçylaryň üçüsi sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.Bu ýaryşda şu ýylyň oktýabr aýynda weteran küştçileriň arasynda Italýada geçiriljek dünýä çempionatyna ýollanma almak ugrunda bäsleşiler.

Degişli makalalar

Petank Türkmenistan

syrach

Höweslendirmek Sport Ýeňişleriniň Kepili

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

syrach