10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, I derejeli ýurist Rejep Şamyradowiç Çarygulyýew başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen,  Rejep Şamyradowiç Çarygulyýew Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri Gurbanow Kakageldi Isaýewiçe berk käýinç yglan edildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkimi Abilow Myratniýaz Ýazmuhammedowiçe käýinç yglan edildi.

Degişli makalalar

10-14-nji Martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet Günleri Geçiriler

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Nebitgaz Toplumyna Maýa Goýumlar Artýar

Ýeňiş Ýörişi-Geçmişe Syýahat