15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň DIM-inde Duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Palestina Döwletiniň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Mazen Şami bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini bellediler. Özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlarda türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň orny bellenildi. Taraplar halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmek barada aýdyp, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereket etmegiň ornuny belläp geçdiler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda taraplar syýahatçylyk we maýa goýumlar ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer düzümi barada aýdylyp, taraplaryň bilim, ylym we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygy bellenildi.

Degişli makalalar

Warşawada Türkmenistan Bilen ÝHHG/DIAHBE-niň Arasyndaky Hyzmatdaşlygy Ýygjamlaşdyrmak Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ STAMBUL ŞÄHERINDE BÜTİNDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Bedenterbiýe we Sport Hakynda I

syrach