18.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Dünýäniň Nebit Bazarynda Dört Ýyldan Ýetmezçilik Döräp Biler

Dünýäniň nebit bazarynda dört ýyldan ýetmezçilik döräp biler, diýip dünýäniň iri nebitgaz kompaniýasy BP – niň BP Russiýa rus bölüminiň wise-prezidenti Wladimir Drebensow РИА Новости agentligine beýan edýär.

« Dünýäniň nebit bazarynda dört ýyldan ýetmezçilik döräp biler. Maýa goýum kompaniýalarynyň meýilnamalaryny çäklendirmegi sebäpli 2014-2016-njy ýyllarda näçe maýa goýumlaryň durmuşa geçirilmelidigini bilýäris. Bular soňa goýlan taslamalardy. Bu taslamalaryň azyndan bäş ýyl üçindigini göz öňünde tutsak, onda 2015-nji ýylda durmuşa geçirilmedik maýalar 2020-nji ýylda täsirini berer» – diýip Drebensow aýtdy.

Şonda aradan aýrylan, dünýä bazaryna çykarylmaly ýöne maýa goýumlarynyň çäklendirilmegi sebäpli çykmadyk nebitiň möçberiniň ABŞ-da önümçiligi artdyrmak bilen öwezini dolup bilmez, şol wagt hem defisit (ýetmezçilik) emele geler» diýip ol aýtdy.

Degişli makalalar

Ýoluňyz ak bolsun, 2011-nji ýylyň uçurymlary!

syrach

Gyrgyz Lukmanlary Çaganyň Irki Ösüşi Babatda Türkmen Kärdeşleriniň Tejribesini Öwrenýärler

Maliýe Hukuk Medeniýeti Bazar Gatnaşyklarynyň Esasy