21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

Aşpezlik Ussatlyk Sapagyna Gatnaşyjylar Italýan Tagamlaryny Taýýarlamagyň Usullary Bilen Tanyşmaga Mümkinçilik Aldylar

Aşpezlik Ussatlyk Sapagyna Gatnaşyjylar Italýan Tagamlaryny Taýýarlamagyň Usullary Bilen Tanyşmaga Mümkinçilik Aldylar

Bu çäre Italýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we biziň ýurdumyzyň Daşary işler, Medeniýet ministrlikleri, şeýle hem Italýanyň daşary işler we oba hojalyk syýasaty ministrligini başlangyçlary bilen guraldy.

Meşhur aşpezler Daniel Paralowo we Paolo Maspero türkmen paýtagtynda ussatlyk sapagynyň dördüsini geçirerler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň italýan dilini öwrenýän talyplary olaryň ilkinji gatnaşyjysy boldular. Olar diňe bir tagam taýýarlamagyň usuly, kulinar hökmünde özüňi duýmak we tagamlardan dadyp görmek bilen çäklenmän, eýsem italýan halkynyň milli aşhanasy bilen ýakyndan tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň “jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň önümleriniň tehnologiýasy” hünäri boýunça bilim alýanlar aşpezlik bäsleşiginiň nobatdaky gatnaşyjylary boldular. Italiýaly ussatlaryň ussatlyk sapagy olaryň hünär endiklerini we tagam taýýarlamak usulynyň şahsy toplumyny baýlaşdyrdy.

Indiki ussatlyk sapagy biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri üçin meýilleşdirildi. Italiýaly aşpezleriň aşpezlik sapagy Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň pudaklaýyn kärhanalarynyň işgärleri duşuşygy bilen tamamlanar. Meşhur aşpezleriň ýolbaşçylygynda geçiriljek bu duşuşyk olaryň kärdeşleriniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we s]weş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary babatda hem hünär kämilliginde möhüm orny eýelär.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Türkmenistan-ABŞ Işewürler Geňeşiniň Ýerine Ýetiriji Direktoryny Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa Resmi Sapary Başlandy

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä Türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşiginiň XX Maslahatyna Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi