37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
DURMUŞ

Aşgabatda “Bedew-Galkynyşyñ ganaty” atly sergi

Türkmenistanda atlar üçin her ýyl ýörite baýramçylyk dabasy geçirilýär.

Şu ýyl geçiriljek Bedew baýramy 4 gün dowam eder.

Baýramçylyk dabaralarynyñ çäginde Aşbagatdaky sergi köşgünde “Bedew-Galkynyşyñ ganaty” atly sergi açyldy.

Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow serginiñ açylyş dabarasyna ugradan gutlag ýüzlenmesinde Ahalteke bedewleriniñ türkmenleriniñ taryhda gazanan üstünliklerinde uly rol oýnaýandygyny nygtady.

Şu ýyl ilkinji gezek Ahalteke bedewleriniñ arasynda Halkara bedew gözellik ýaryşy geçirler.

Ýaryşda derejä giren atlaryñ eýelerine baýrak hökmünde awtomobil berler.

Türkmenistanda her ýyl Bedew baýramy aprel aýynyñ soñky ýekşenbesinde baýramçylyk dabarasy hökmünde uly joşgun bilen bellenilip geçilýär.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Türkmen Dokma Senagaty: Däpler we Täzelikler

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Raýat Awiasiýasynyň Uçarlarynyň Üsti Täze “Boingler” Bilen Artýar

Daşoguzgazüpjünçilik Müdirligi