29.9 C
Aşkabat
03.08.2025
DÜNÝÄ

Kerzeý resmi sapar bilen Türkmenistana gidýär

Owganystanyñ Prezidenti Hamid Kerzeý resmi sapar bilen Türkmenistana gidýär.

Türkmenistanyñ Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşi Kerzeýi täze köşgünde myhman alar.

Hamid Kerzeýiñ saparynyñ çäginde iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meselelere seljerler.

Resmi gepleşikleriñ çäginde elektrik energiýasy, maliýe we söwda taýdan hyzmatdaşlyk edilmegi bilen baglanşykly şertnamalara gol çekişilmegine garaşylýar.

Türkmenistan bilen Owganystanyñ arasyndaky ykdysady gatnaşyklar çalt depginde ösýär.

2011-nji ýylyñ birinji çärýeginde söwda gatnaşyklarynda uly öñe gidişlik edildi.

Türkmenistan Owganystana nebit bilen birlikde ekerançylyk, tekstil we azyk önümlerini eksport edýär.

2011-nji ýylyñ 1-nji maýynda beýan edilen görkezijilere görä iki ýurduñ arasynda 27 şertnama gol çekişildi.

Türkmenistanda owgan sermaýaly 44 firma iş alyp bardy.

Owgan firmalarynyñ gatnaşmagynda jemi gymmaty 11 million dollar bolan 20 taslama durmuşa geçirilýär.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Munuň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 15 ýyllygy we bu şanly senä bagyşlanan Halkara maslahatynyň geçirilmegi mynasybetli iberen haty

syrach

Türkmenistan – BMG

syrach

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ählumumy Logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň Başlangyçlary

turkmenhabargullugy