Aşgabatda Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygynyň utgaşdyryjy komitetiniň 15-nji mejlisi öz işini dowam edýăr.
Mejlise Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygyna degişli Maksatnama goşulýan ýurtlaryňOwganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Paksitan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (ÝUSAID) wekilleri gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygyna degişli Maksatnama goşulan pursadyndan bäri şu forumy ilkinji gezek guraýar.
Iki günüň dowamynda mejlise gatnaşyjylar sebitleýin häsiýetli meselelere gararlar. Bularyň arasyndan Merkezi AziýaGünorta Aziýa energetika geçelgesini ösdürmek, sebitde elektrik energiýasyna gözegçiligi we onuň söwdasy, Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler we şu ugur boýunça ileri tutulýan taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleri görkezmek bolar.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşde ýokary görkezijilere eýe bolýandygyny hem-de sebit we halkara ähmiýetli meseleleri çözmekde işjeň garaýyşlara eýerýändigini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde uly at-abraýa eýe bolandygyny bellediler.
Duşuşygyň barşynda ýygnananlar bu mejlisiň netijelerini Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygyna degişli Maksatnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň amatly görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyna we özara arkalaşykly hereket edilmeginiň işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.