10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Awtoýaryş Boýunça Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşda Gazanylan Bürünç Medal

Awtoýaryş Boýunça Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşda Gazanylan Bürünç Medal

Russiýa Federasiýasynyň Kareliýa Respublikasynda awtosport boýunça “Ralli-reýd” görnüşinde dünýä Kubogynyň nobatdaky tapgyry tamamlandy. Onda ussat sürüjilerimiz bürünç medaly gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz hereketlendirijisiniň sygymy 2,1 we 2,2 litre barabar bolan maşynlarda geçirilen ýaryşlarda şeýle üstünlige mynasyp boldular.

Ýaryşa Fransiýadan, Finlýandiýadan, Tunisden, Katardan, Saud Arabystanyndan, Polşadan, Slowakiýadan, Çehiýadan we beýlekilerden 12 topar gatnaşdy. “Russiýa—Demirgazyk tokaýy 2017” ady bilen geçirilen bu ýaryşlar dünýäde ýeke-täk “garly” ýaryşlar bolup durýar. Onuň nusgawy ralli-reýdlerden esasy tapawudy aýlaw ýolundan ybaratlygydyr. Bu bolsa toparlaryň tehniki hyzmatynyň ýoluň bölekleriniň arasyndaky gatnawyny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen toparynyň düzümine halkara derejedäki iri ýaryşlara ençeme gezek gatnaşan tejribeli ussatlar Şamyrat Gurbanow bilen Gurbanberdi Daňatarow girdiler. Biziň awto sürüjilerimiz ýaryşda “Nissan-patrol” kysymly awtomobilde çykyş etdiler. Awtomobil sportunyň milli federasiýasynyň türgenleri örän az wagt tapawudy bilen ýer eýeleriniň wekillerinden (birinji orun) we Saud Arabystanynyň hem-de Fransiýanyň birleşdirilen toparyndan (ikinji orun) yza galdylar.

Degişli makalalar

Çagalaryň Arasynda Küşt Boýunça Ýurdumyzyň Ilkinji Çempionaty

syrach

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Atşynaslaryna, Bedew Janköýerlerine we Mähriban Halkyma

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi