26.9 C
Aşkabat
02.08.2025
DÜNÝÄ

ÝB-Latyn Amerika Gatnaşyklary

ÝB, Latyn Amerika we Karaipler Toparynyň maslahaty Brýusselde geçirilýär.
“Umumy geljegimizi guralyň” temaly maslahatda sebitara syýasy dialogyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi maksat edinilýär. 
Taraplar maslahatda howa çalşygyna we bikanun neşe söwdasyna garşy göreş ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
Taraplar 40-dan gowrak ýurduň liderlerinin gatnaşmagyndaky maslahatda halkara hyzmatdaşlyk alternatiwalaryny seljerýärler. 
Kolumbiýanyň we Peruwyň raýatlary ÝB-ne wizasyz syýahat edip bilerler. 
Kolumbiýanyň we Peruwyň raýatlarynyň Britaniýadan hem-de İrlandiýadan daşgary ÝB-ne ağza 26 ýurdy bilen İzlandiýa, Norwegiýa, Şweýsariýa we Lihtenştaýna 90 güne çenli wizasyz syýahat etmekleri baradaky ylalaşygyň ýylyn ahyrynda güýje girmegi maksat edinilýär. 

Kolumbiýa we Peru bilen bilelikde ÝB-nin Şengen wizasynyň ýeňilliklerinden peýdalandyrýan ýurtlarynyn sany 38-e ýeter.

trtturkmen 

Degişli makalalar

Türkmenistanda Bütindünýä Welosiped Güni Bellenildi

Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Halkara Muzeý Güni Mynasybetli…

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk Döredijilik Maksadynda Hyzmatdaşlyk