29.9 C
Aşkabat
03.08.2025
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we awtobenzini satyn aldylar. Beýik Britaniýadan we BAE-den gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, nah ýüplügiň galyndylary, pagta süýümi, buýan köki we baldagy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Hytaý, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Malta, Owganystan, Gyrgyzystan we beýleki ýurtlar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-niň 29 million 380 müň dollaryndan gowrak boldy.

Degişli makalalar

Türkmen Maldarlary Ot-Iým Taýýarlamak Boýunça Ýyllyk Meýilnamany Ýerine Ýetirdiler

Türkmenistanyň 2018-NJI Ýylda Ykdysady Ösüşiniň Syny-Ugurdaş Neşiriň Täze Sanynda

turkmenhabargullugy

Awazada “Hazyna” Myhmanhanasynyň Guramaçylyk-Hukuk Görnüşi Üýtgediler