34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, BAE-den, Owganystandan, Gonkongdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Türkiýeli işewürler tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Belizden, Ukrainadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna azyklyk bugdaýy, nah mata we ýüplügi, pagta süýümi, çig ýüpegi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million 215 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 791 müň manatdan gowrak polipropileni (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Degişli makalalar

Göç İdaresi: İstanbul İli Esenyurt ve Fatih İlçesinde İkamet Etmek İsteyenler Hakkında

Şäherara we Welaýatara Awtobus Ugurlary Boýunça Täzelik

Türkmenistan Fotosuratlary 21

turkmenhabargullugy