15.01.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, ABŞ-dan gelen täjirler bolsa tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli tekizreňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagtasüýümi we portland sementi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Polşa, Owganystan.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 960 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan gelen işewürler jemi bahasy 1 million 680 müň manatlyk bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazar üçinýurdumyzyň telekeçileriumumy bahasy405 müň manatlyk nebit bitumyny (TNGIZT) weazyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Degişli makalalar

Wideoşekilli Iş Maslahatynda Welaýatlary Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmek Meselesine Seredildi

Moskwada Geçirilen Sambo Boýunça Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşlarda Türkmen Türgenleri Ýedi Medala Eýe Boldular

HALKARA BAZARLARDA NEBITIŇ BAHASY ÝOKARLAMAGA DOWAM EDÝÄR

syrach