01.03.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

TDHÇMB-da hepdede umumy bahasy 83,4 dollardan gowrak bolan eksport geleşikleri baglaşyldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Panamadan we Täjigistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyk kerosini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagyny, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudy satyn aldylar.

Daşary ýurt walýutasyna reňklenen tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Belizden, Ukrainadan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 83 million 475 müň dollaryna golaý boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 1 million 997 müň manatdan gowrak ýük awtoulagyny, azyklyk bugdaýy we pagta süýümini satyn aldylar.

Çeşmae: TDH

 

Degişli makalalar

“Doýce Bankyň” Hünärmenleri Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynyň Talyplary Bilen Sapak Geçdiler

Состоялся телефонный разговор министров иностранных дел Туркменистана и Украины

Ýurdumyzyň Çempionaty Tamamlandy, Öňde – Dünýä Çempionaty