Akyldar şahyr kuwwatly türkmen daglaryny ajaýyplyklaryny ussatlyk bilen wasp edýär. Magtymgulynyň goşgylarynda daglar anyk häsiýete, real we simwoliki häsiýete eýedir. Onuň goşgularynda daglar ynsanyň gaýgylaryny we şatlyklaryny paýlaşýan syrdaşy, şol bir wagtyň özünde hem olaryň gujurlylygy, daýanjy, paýhaslylygy we ygtybarlylygy beýan dilýär. Magtymguly syýahatçylyk etmek bilen, tebigaty wasp etmegini dowam etdirýär.
Şahyr Zakawkaziýäniň, Kiçi Aziýanyň tebigy owadanlyklaryny haýran galmak bilen wasp edýär hem-de oňa çuňňur düşünmäge çalyşýar, tebigatyň zähmet adamlary bilen arabaglanşygynyň nokadyny tapmaga çalyşýar. Tebigatyň kanunlary onuň hakykylygy we häsiýeti bilen beýan edilýär. Tebigatyň anyk ýerleri hem hakykat bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gowy bilen ýamanyň keşbi gyş we bahar keşpleri bilen berilýär.