10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Fitch 2020-nji Ýyla Çenli Nebitiň Bahalarynyň 65 Dollara Çenli Ýetmegine Garaşýar

Fitch 2020-nji Ýyla Çenli Nebitiň Bahalarynyň 65 Dollara Çenli Ýetmegine Garaşýar

2017-nji ýylda nebitiň ortaça bahasynyň barrel üçin 52,5 dollar möçberinde bolmagyna garaşylýar, diýip her ýylda geçirilýän duşuşykda Bakuda eden çykyşynda Fitch Raitings halkara reýting agentliginiň korporasiýalar bölüminiň baş direktory Maksim Edelson aýtdy, diýip Trend habar berýär.

Onuň bellemegine görä, bahalar OPEC-iň çözgütlerine, şeýle hem bazarda islegiň we teklibiň üýtgemegine laýyklykda çaklanan görkezijilerde az-kem üýtgäp biler.

Edelsonyň şeýle hem belleýşi ýaly, Fitch 2018-nji ýylda nebitiň bahalarynyň barrel üçin 55 dollara ýetmegini, 2019-njy ýylda 60 dollara ýetmegini, 2020-nji ýylda bolsa barrel üçin 65 dollara ýetmegini çaklaýar.

Degişli makalalar

Rafael Kompaniýasynyň Täze Hyýaly Kabinasy Söweşijilik Ukyby Artdyrar

An International Conference of Ministers of Transport Began Its Work in Avaza

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary Garlykdaky Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumyň Işine Badalga Berdiler