34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Galp Wizalar we Ýol Resminamalary Boýunça Okuw Maslahaty

2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Grand” myhmanhanasynda galp wizalary we ýol resminamalaryny ýüze çykarmak boýunça iki günlük okuw sapagy öz işine başlady. Bu çäre Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2015-nji ýylda bilelikde amala aşyrmagy göz öňünde tutýan taslamalaryň meýilnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

MHG-ň bu sapagynyň esasy maksady Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işgärlerine galp wizalary we ýol resminamalaryny netijeli ýüze çykarmagy, şol sanda munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri seljermegi, şeýle hem derňew işlerini üstünlikli geçirmegiň dürli usullaryny öwretmekden ybaratdyr.

Iki günlük çäräni Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň halkara bilermeni jenap I.Fotheringham alyp barýar.

Galp wizalary we ýol resminamalaryny ýüze çykarmak boýunça okuw çäresi öz işini ertir – 8-nji iýulda tamamlar.

Degişli makalalar

Merkezi Aziýa Boýunça Ýörite Wekil Aşgabatda Içerki we Sebit Meselelerini Ara Alyp Maslahatlaşdy

syrach

Aşgabatda KHBS-niň Hukuk Binýadyny Kämilleşdirmegiň Meselelerine Garaldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Pagtaçylaryň Zähmet Üstünligi Baradaky Hoş Habary Kabul Etdi

syrach