11.2 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

Hormatly Prezidentimiz Awaza Milli Syýahatçylyk Zolagynda Gysga Wagtlaýyn Dynç Alyşa Ugrady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine uçdy. Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlaýyn dynç alyşda bolar.

Döwlet Baştutanyny Hazaryň kenaryndaky şäheriň halkara aeroportunda Balkan welaýatynyň häkimi, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Olar milletiň Liderine rahat dynç alyşy, berk jan saglygyny we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler.

referans: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanda GDA-nyň Synçylar Topary Işe Başlady

Dalaşgär Maksat Annanepesow Daşoguzda Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirlidi

turkmenhabargullugy