29.9 C
Aşkabat
17.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

NATO Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşýar.

Uzakly gün dowam etjek maslahatda Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky wakalar bilen birlikde Alýansyn Russiýa bilen bolan gatnaşyklary barasynda-da pikir alyşylar.

NATO agza 28 ýurduň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagyndaky maslahat Baş Sekretar Anders Fog Rasmusseniň ýolbaşçylyk etmeginde başlady.

Gün tertibiniň ileri tutulýan ilkinji meselesi Siriýa…

Maslahatdan ozal beýanat beren NATO-nyň Baş Sekretary Anders Fog Rasmussen “Siriýada başdan geçirilýän wakalaryň goňşy ýurtlara we NATO agza ýurtlara täsir ýetirme ähtimallygyny ünsden düşürip bilmeris. Hyzmatdaşlyk “Patriotlaryň” gysga möhletde ornaşdyrylmagyny üpjün edip, Türkiýä berýän goldawyny görkezdik. Emma ätiýajy elden bermeli däl” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gatnaşmagynda geçiriljek NATO-Russiýa geňeşiniň maslahatynda bolsa Ýakyn Gündogardaky wakalar barasynda pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Maslahat NATO agza däl, emma Halkara Howpsuzlyk Goldaw Güýji İSAF-a goşant goşýan ýurtlaryn gatnaşmagyndaky soňky bölüm bilen tamam bolar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Şwesiýa Patyşalygynyň Arasyndaky Syýasy Geňeşmeler Geçirildi

syrach

Ýylyň Birinji Çärýeginde Senagat Önümçiliginiň Döwlete Degişli Bolmadyk Ulgamynda Depginli Ösüş Hasaba Alyndy

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň Owganystana Sapary