15.01.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Nýu-Ýorkda “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy” rezolýusiýasynyň awtordaşlarynyň duşuşygy geçirildi

2015-nji ýylyň 4-nji maýynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy” atly №50/80А rezolýusiýasynyň awtordaşlarynyň duşuşygy, şeýle-de “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň 20 ýyllyk tejribesi” atly brifing geçirildi.

Çärä 1995-nji ýylyň rezolýusiýasynyň 24 sany awtordaş-ýurtlarynyň wekiliýetleri, bitaraplyk derejesiniň halkara ykrarnamasyna eýe bolan, şeýle hem milli derejede bitaraplyk syýasatyny alyp barýan döwletler, BMG-niň agza-döwletleriniň wekilleri, BMG-niň Syýasy departamentiniň bilermenleri gatnaşdylar. 

Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ösdürilmegine, şeýle-de bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurtlaryň daşary syýasat mümkinçilikleriniň häzirki zaman nusgalarynyň işlenilip düzülmegine aýratyn üns berildi.  

Türkmenistanda “Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilen 2015-nji ýylyň dowamynda şeýle duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmek hakynda karara gelindi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň jemlerini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy we 70-nji sessiýalarynyň resminamalaryny düzmekde ulanmaklyk meýilleşdirilýär.  

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna Iş Saparynda Bolar

syrach

Tahyr Ataýewiň Orkestri Rok Sazlaryny Ýerine Ýetirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi

syrach