24.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Olimpiýa Şäherjiginiň Welotregi Ýokary Derejeli Ýaryşlara Taýýardyr

Olimpiýa Şäherjiginiň Welotregi Ýokary Derejeli Ýaryşlara Taýýardyr

Döwlet Baştutanymyzyň Olimpiýa şäherjiginde bolmagynyň barşynda welotregiň ýodajyklarynda welosiped sürüldi.

Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler halkara ýaryşlary we bäsleşikleri, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Welotrekde 6 müň orunlyk münberler bar. Bu ýerde zerur bolan düzümleriň ählisi göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi türgenler we tälimçiler, tehniki hem-de hyzmat edýän işgärler we elbetde, janköýerler – welosportuň muşdaklary üçin iň gowy şertleri döredýär. Desganyň hiline diňe bir synag milli ýaryşlara gatnaşyjylar däl, eýsem Halkara welosipedçiler birleşmesiniň hünärmenleri hem ýokary baha berdiler.

Olimpiýa şäherjiginiň düzümine ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýän dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragy girýär. Sport desgalaryň birnäçesinde eýýäm synag ýaryşlary, şol sanda sambo, jiu-jitsu, türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatlary, şeýle hem tennis, ýeňil atletika we basketbol boýunça halkara ýaryşlary geçirildi. Munuň özi türkmen türgenleri üçin Aziada taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy. Şu ýylyň aprel aýynda bu ýerde sport ýaryşlarynyň birbada üçüsi – agyr atletika we kikboksing boýunça Aziýanyň çempionatlary, şeýle hem suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşy geçiriler.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyklykda geçirilýän synag ýaryşlary paýtagtymyzdaky sport şäherjiginiň desgalarynyň ygtybarlylygyny, olaryň V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesini barlamaga mümkinçilik berýär

Türkmenistan ýurdumyzyň sportuny höweslendirmek we goldamak meselelerine aýratyn üns bermek bilen halkara sport hereketini ösdürmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýar. Munuň özi bolsa halklaryň ýakynlaşmagynyň, dünýäde parahatçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Öňümizdäki Aziada-2017 hem şu maksatlara hyzmat etmelidir.

Degişli makalalar

Yabancıların İkamet İzini İşlemlerinin Yürütülmesine Dair Yetkili Aracı Kurumlar Yönetmeliği Resmi Gazetede Yayınlandı

turkmenhabargullugy

Türkmenistan-GDA: Ynsanperwer Ulgamda Hyzmatdaşlyk Ösdürilýär

turkmenhabargullugy

2016-njy Ýylda Türkmenistanda Umumy Bahasy 5 Milliard ABŞ Dollaryndan Gowrak Bolan Desgalaryň 202-si Ulanmaga Berildi