11.2 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Rejepmyrat Agabaýew Gazagystana Tälimçi Hökmünde Dolandy

1999 ― 2008-nji ýyllaryň aralygynda Gazagystanda «Kaýrat», «Atyrau», «Ýesil Bogatyr», «Kaspiý» ýaly toparlarda geçiren 146 duşuşygynda 60 gezek tapawutlanan türkmenistanly hünärmen Rejepmyrat Agabaýew Premýer-Liga ýene-de dolanyp bardy.

«Kaz Football.kz» saýtynyň habar bermegine görä, ol ýakynda «Okžetpes» toparynda işe başlady. Rejepmyrat Agabaýew bu toparda baş tälimçi Andreý Karpowiçiň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirer.

«Okžetpes» Gazagystanyň futbol çempionatynyň geçen möwsümini 40 utuk bilen 7-nji orunda tamamlapdy. Topar häzirki wagtda Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Çeşme: www.turkmensporty.com

Degişli makalalar

Finlýandiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Diplomatik Gatnaşyklaryň 25 Ýyllygy Bilen Gutlady

«Altyn Asyr» «Ahaldan» Üstün Çykdy

Türkmenistan Fotosuratlary 16