27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
TEHNOLOGİÝA

Seulda Söwda, Ykdysady, Ylmy we Tehnologik Hyzmatdaşlyk Mejlisi

Seulda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Koreý wekiliýetine Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri Ýun Sang Jik wekilçilik etdi.

Mejlisiň dowamynda taraplar ýokardaky duşuşygyň gün tertibini, ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek şertnamalaryň taslamalaryny, 2014-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen toparyň dördünji mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň netijelerini we özaragatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar hereket edýän şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi boýunça ylalaşykly çäreleriniň görülmeginiň zerurlygyna ünsi çekdiler.

Şol sanda taraplar nebit-gaz, himiýa we energeika pudaklarynda, oba hojalygynda, şeýle hem gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň wekilleri medeni-gumanitar ulgamynda, ylym, medeniýet, bilim we sport ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmekde ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler.

Taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýynça türkmen-koreý hökümetara toparynyň altynjy mejlisini 2016-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek hakyndaky karara geldiler.

Degişli makalalar

“Rheinmetall” Kompaniýasynyň Sürüjisiz Halas Ediji Tehnikasy

Birleşen Hereketlendiriji Gurluşyk Korporasiýasy Energetika Boýunça Iň Täze Güýç Desgalaryny Türkmenistana Getirer

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Innowasiýa Tehnologiýaly Stomatologiýa we Oftalmologiýa Ylmy Merkezleri Açyldy

turkmenhabargullugy