34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
SPORT

Taý boksy boýunça ýurduň ýygyndy toparyna ilkinji saýlama ýaryşlar.

Galkynyş sport toplumynda erkekleriň arasynda taý boksy boýunça milli saýlama ýaryşlary tamamlandy. Aşgabat şäherinden we ähli welaýatlardan dürli söweş sungatlarynyň wekilleriniň 100-den gowragy ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça IV Aziýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek ýygyndynyň düzümine düşmek üçin ýaryşlarda duşuşdylar. 



Mälim bolşy ýaly, ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça IV Aziýa oýunlary Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde şu ýylyň 29-njy iýunyndan 7-nji iýuly aralygynda geçiriler. Onuň ýapylyş dabarasynda oýunlaryň tugy 2017-nji ýylda şeýle sport ýaryşlaryny özünde kabul etjek Türkmenistana geçiriler. Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça VAziýa oýunlary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça häzirki wagtda Aşgabatda gurulýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde geçiriler. 

Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, türkmen sportçularynyň 2017-nji ýylda öz watanynda ýer eýeleri hökmünde çykyş etmek üçin hut Koreýada geçiriljek ýaryşlarda özleriniň iň gowy başarnyklaryny görkezmekleri zerurdyr. Umumy toparlaýyn hasabda birinji orny aşgabatlylar eýelediler, ikinji orna Lebap we üçünji orna Daşoguz welaýatynyň sportçylary mynasyp boldular. 

Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça IV Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda Aşgabatda taý boksy boýunça milli saýlama ýaryşlarynyň ýene biri geçiriler. Onuň netijeleri boýunça sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümi dolulygyna düzüler.

Degişli makalalar

Ýerine Ýetiriji Komiteti “Türkmenhowaýollary” Gullugynyň Aşgabat 2017 Oýunlarynda Hyzmatdaşdygyny Yglan Etdi

Türkmen Türgenler 2 Esse Köp Altyn Medal Gazandy

turkmenhabargullugy

2020-nji Ýylyň 29-njy Aprelinde Žurnalistleriň Arasyndaky II Şaşka Ýaryşy Geçiriler