29.9 C
Aşkabat
03.08.2025
YKDYSADYÝET

TÄZE TURBO GEÇIRIJI GURLAR

Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana tebigy gazyñ akdyrylmagy üçin täze turbo geçiriji gurlar.

Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabatda duşuşan Türkmenistanyñ, Owganystanyñ, Hindistanyñ we Pakistanyñ liderleri turbo geçirijiniñ gurulmagy baradaky şertnama gol çekişdi.

Türkmenistanyñ Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow uzunlygy 1735 km boljak turbo geçiriji bilen ýylda 33 milliard kub metrlik tebigy gazyñ akdyryljakdygyny aýtdy.

Owganystanyñ Prezidenti Hamid Kerzeý hem ýurdunyñ ykdysady taýdan ösüşine uly goşant goşjak taslama uly goldaw berjekdiklerini ýatlatdy.

Pakistanyñ lideri Asyf Ali Zerdari bolsa sebitiñ ösüşi taýdan diýseñ ähmiýetli boljak taslamanyñ durmuşa geçirilmegi üçin maddy taýdan goldaw berilmeginiñ gerekdigini belledi.

Hindistanyn Nebit gaz ministri Murli Deora hem çalt depginde ösýän ýurdunyñ günde 38 million kub metrlik gaz ulanýandygyny we bu sanyñ gün saýyn ýokarlaýandygyny bellemek bilen taslamanyñ gysga wagtda durmuşa geçirilmegini isleýändiklerini ýatlatdy. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Hazaryň Kenarýakasynda VII Halkara Gaz Kongresi Öz Işine Başlady

syrach

Elektrik Energetikasynyň Mümkinçiligi Artýar

SA Interbudmontaž Kompaniýasynyň Hünärmenleri Aşgabatda Drenaž Aragatnaşyk Tonneliniň Gurluşygyny Tamamladylar

turkmenhabargullugy