14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
Genel

TÜRK FIRMALARYNYŃ TÜRKMENISTANYŃ ÖSÜŞINE GOŞÝAN GOŞANDY DOWAM EDÝÄR

Türk firmalarynyń Türkmenistanyń ösüşine goşýan goşandy dowam edýär. İki sany türk firmasy tarapyndan gurlan fabrikler Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan açyldy.

Aşgabadyń Ruhabat etrabynda açylan birinji fabrik pagta we sintetiki ýüplük öndürer.

Gurbanguly Berdimuhamedow türk firmalarynyń Türkmenistanyń ösüşine önjeýli goşant goşýandygyny aýtdy.

Gymmaty 79 million dollara barabar bolan we 600 adama iş mümkinçiligini döretjek fabrik ýylda 13 müń tonna ýüplük öndürer.

Ozal Türkmenistanda gurulan fabrikler sap pagta ýüplügini öndürýardi.

Bu täze fabrik Türkmenistanda hem polýester hem-de pagtaly ýüplük öndürýän ilkinji fabrik bolar.

Ruhabat etrabynda açylan ikinji desga bolsa gazbeton fabrigi..

Gurluşygy üç ýylda tamamlanan we gymmaty 31 million dollara barabar bolan fabrikde ýylda 200 000 tonna gazbeton öndürler.

referans : www.trtturkmen.com