Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň üçünji toparynda komandalaryň onusy iki topara bölünip, iki ýer ugrunda güýç synanyşdylar. Şonda A topara Türkmenistan, Bangladeş, Singapur, Bahreýn, Yrak düşdi. B topara bolsa Katar, Saud Arabystany, Iordaniýa, Mianma we Gyrgyzystan girdi.
Aleksandr Ärnepesow, Georgiý Poçaý, Eziz Döwletow we Altymyrat Gurbanow dagydan ybarat bolan Türkmenistanyň topary Dubaýda geçirilen bäsleşiklerde Bangladeşiň wekillerinden 3:0, Singapuryň toparyndan 2:1, Yrakdan 3:0, Bahreýnden hem 3:0 hasabynda ýeňiş gazandylar we bassyr iki ýyl ýokary topara düşmegi başardylar. Biziň toparlarymyzyň oýunçylary ýekelikde ýa-da jübütlikde oýnanlarynda bary-ýogy iki toruň dowamynda ýeňiş gazandylar. Diňe jübütliklde yraklylar bilen oýnanlarynda türkmen tennisçilerine 3 tor gerek boldy. Olar 6:3, 3:6 we 6:1 hasabynda tamamlandy.
Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň üçünji toparyna birinji ýollanmany Türkmenistanyň topary Saud Arabystanynyň tennisçileri bilen bolan duşuşygynda aldylar. Şonda biziň toparymyza üstünlik gazanmak üçin ýekelikde geçirilen duşuşygyndaky ýeňiş ýeterlikdi. Şonda ilkinji bolup, Georgiý Poçaý F.Al Saadan 3 torda 1:6, 6:3, 6:3 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Ikinji bäsleşikde Aleksandr Ärnepesow S.Alrajehadan 6:1, 6:2 hasabynda iki torda ýeňiş gazandy. Ýeňijileri kesgitlemek üçin jübüt bäsleşikleri geçirmek zerurlygy hem bolmady.
Aziýa we Okeaniýa zolagynyň üçünji toparyna ikinji ýollanma Singapuryň tennisçileriniň paýyna düşdi. Olar jogapkärli bäsleşikde B toparyň ýeňijisi Kataryň komandasyndan 2:1 hasabyndan üstün çykdylar.
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky bäsleşiklere 2004-nji ýyldan bäri gatnaşýarlar. Geçen ýyl Kataryň Doha şäherinde geçirilen 4-nji toparyň zonal turnirinde ilkinji gezek pleý-offa çykmagy başardylar. Şonda biziň toparymyz üçünji topara ýollanma üçin geçirilen bäsleşikde Kambojanyň toparyndan 0:3 hasabynda ýeňildi. Ine, indi bolsa biziň toparymyz BAE-de geçirilen turnirde öz garşydaşlarynyň hemmesinden üstün çykyp, ilkinji gezek has ýokary derejäniň toparyna düşdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda tennis bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli amatly şertler döredildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tennis kortlary bolan döwrebap sport desgalary gurulýar. Aşgabatda bolsa sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi bina edilýär. Milli Liderimiziň goldawy we döwletimiziň hemmetaraplaýyn aladasy netijesinde türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynda has ynamly çykyş edýärler we üstünlik gazanýarlar. BAE-de geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky zonal turnirinde biziň tennisçilerimiziň uly üstünlige eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.