10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
SPORT

Türkmen tennisçileri halkara ýaryşyň ýarym finalyna çykdylar.

Türkmen tennisçileri A.Ärnepesow we G.Poçaý paýtagtymyzda dowam edýän, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanan halkara ýaryşynyň ýarym finalyna çykdylar.

Biziň toparymyzyň türgenleri bu üstünlige şu gün çärýek finalda halkara jübütleri—T.Igamberdiýewi (Russiýa) we I.Mämmetkulyýewi (Türkmensitan) 6:2; 6:2 hasabynda ýeňip, mynasyp boldular. Olar ozal birinji aýlawda özbek jübüdi—B.Bekirowy hem-de T.Tolibjanowy 6:3; 6:1 hasabynda ýeňdiler.

Finala çykmak ugrundaky ýaryşda ökde türgenlerimiziň garşysyna halkara jübüdi—D.Karimow (Özbegistan) we Ý. Sertkaýa (Türkiýe) güýç synanyşarlar.

Şu gün ýekelikde geçirilen duşuşyklarda türkmen tennisçilerinden erkekleriň arasynda I.Mämmetkulyýew, zenanlaryň arasynda bolsa D.Baýramowa çärýek finala çykdylar.

Ýaryşyň ýeňijileri 29-njy sentýabrda belli bolar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ýurdumyz Köpçülikleýin Welosipedli Ýörişe Taýýarlanýar

Futbol oýunlaryndan hokkeý ýaryşlaryna çenli.

syrach

Tbiliside Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi