15.01.2026
YKDYSADYÝET

Türkmenistan we Hytaýň Arasynda Dostluk we Hyzmatdaşlyk

2015-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň tassyklaýyş hatlary alşyldy.

Bu baradaky degişli Teswirnama türkmen tarapyndan – Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, hytaý tarapyndan –   HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýao Sinhua gol çekdiler.

Resmi dabara tamamlanandan soňra taraplar 2014-nji ýylyň  12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň dowamynda gol çekilen Dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýadynda esas goýujy resminama bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar özara hereketleriniň oňyn tejribesini özünde jemlän bu Şertnamanyň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýändigi hem bellenilip geçildi.

Degişli makalalar

Lebapda iň iri «Gündogar bazary» söwda toplumy gurular.

syrach

Türkmen Alymlary Gowaçanyň Şor Topraga Durnuklylygyny Ýokarlandyrmak Boýunça Ylmy Barlaglar Geçirýärler

turkmenhabargullugy

Gurluşyk Senagaty Boýunça Halkara Sergisi Öz Işini Tamamlady

syrach