39.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Ýaponiýanyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Harada Tikahito bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar işjeň özara gatnaşyklaryň ýoly bilen gazanylan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary netijeleri bilen çyn ýürekden hoşallygyny bildirdiler. Şunlukda ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti bellenildi. Yzygiderli ösýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşygynyň çarçuwasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, taraplar Ýaponiýa bilen sebitleýin gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň möhümligine üns çekildi. Bitaraplyk milli baýramçylygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, ýapon tarapy ýurduň bitarap derejesini goldaýandygyny beýan etdi.

 

Duşuşygyň ahyrynda geljekdäki işinde üstünlikleri arzuw edip, ministr ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny berkitmekde we özarabähbitli hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşinde ähmiýetli goşandy üçin Ýaponiýanyň Ilçisine minnetdarlygyny bildirdi.

Degişli makalalar

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşigi : Kitap Okamagyň Peýdalary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Pekinde HHR Bilen Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Dabaraly Çäre Geçirildi