15.01.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde işe giriziljek 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüni degişli önümler, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün etmek we onuň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde işe giriziljek 20 orunlyk çaga dogrulýan öý üçin derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsyz bermäge borçly edildi.

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Şadurdyýew Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Durdymyrat Gurbanowiç Gadamow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory wezipesine bellenildi. 

 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Balkan Welaýaty Boýunça Müdirliginiň Etrek Etrap Bölüminiň Täze Binasynyň we Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasy

Aziýa Oýunlary Mynasybetli Geçirilýän Atly Ýöriş Lebap Welaýatyna Bardy

Halkara Nebit we Gaz Uniwersiteti Maý Aýynda «Açyk Gapylar» Gününi Geçirer