7.8 C
Aşkabat
01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Müsürüň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä “EgyptAir” awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň netijesinde ýurduň köpsanly raýatynyň gurban bolmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň magalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Fransua Ollanda “EgyptAir” awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň netijesinde ýurduň köpsanly raýatynyň gurban bolmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.


Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň magalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wezipä Bellemek Hakynda Birnäçe Resminama Gol Çekdi

Lebap kärhanasynyň durkuny düýpli täzelemek boýunça işlerine garaşylýar.

syrach

Tutuş Ýurdumyz Türkmen Halysynyň Baýramyny Giňden we Dabaraly Belledi

turkmenhabargullugy