01.12.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Yklymlara, Asyrlara Syýahat

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Jeren Baltaýewa bilen Azat Alihanowyň «Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy» atly täze okuw kitaby neşir edildi. Bu kitap Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn, Orta, Uzak Gündogar ýurtlarynyň, Günorta we Gündogar Aziýa ýurtlarynyň binagärliginiň, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, amaly-haşam sungatynyň orta asyrlardan tä XX asyryň başyna çenli geçen ýoly baradaky maglumatlary özünde jemleýär. “Ylym” neşirýaty tarapyndan neşir edilen kitapda dürli döwürlerde gurlup, dünýä medeniýetiniň, sungatynyň gaýtalanmajak nusgasy hasaplanýan binalaryň suratlary, şeýle-de Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň we binagärlik adalgalarynyň düşündirişli sözlügi ýerleşdirilipdir.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Goňşokora Baýramy – Türkmen Halkynyň Agzybirliginiň Nyşany

syrach

Daşary Ýurt Metbugatynda Türkmenistanyň Üstünlikleri we Geljegi

turkmenhabargullugy

Türkmenabat –“Farap” Gümrükhana Nokady Ýolunyň Ugrunda Täze AÝaGB Açyldy

turkmenhabargullugy