28.8 C
Aşkabat
07.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Aşgabat” stadionynda bolan ählihalk dabaralary.

“Aşgabat” stadionynda ýurdumyzyň durmuşynda iň beýik ajaýyp hem-de röwşen baýramçylyklaryň biri bolan Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan uly baýramçylyk dabarasy boldy. Garaşsyzlyk –bu hiç zat bilen deňäp bolmajak düşünje bolup, ol döwletimiziň mizemezliginiň we halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň esasydyr. Öz manysy boýunça çuňňur mazmuna eýe bolan bu sözde biziň ata-babalarymyzyň erkin, parahatçylykly we bagtyýar durmuş baradaky umyt-arzuwlary jemlenip, şöhratly geçmişimizi, şu günümizi we Watanymyzyň beýik geljegini aňladýar. 
Öz garaşsyz Watanyňda ýaşamak, mähriban topragyňdaky asudalyk, çagalaryň şadyýan gülküleri iň uly bagtdyr. Üçünji müňýyllygyň bosagasynda, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda arzuw edip gelen maksadyna ýetdi—öz mukaddes topragynyň doly hukukly eýesi boldy. Biziň edermen halkymyz belent daglaryň, bol suwly derýalaryň, uç-gyraksyz sähralaryň, öz ata-babalarynyň erkin ýaşap gezen ýaýlalarynyň hakyky eýesine öwrüldi. Türkmen halkynyň kalbynda müdümilik orun alan bu taryhy günde biziň häzirki ýeňişlerimiziň mäkäm binýady tutuldy, türkmen döwletiniň we halkynyň taryhynda täze eýýam, ykbal çözüji döwür başlandy. 
Şu günler Allanyň nazary düşen, ata-babalarymyzyň mukaddes ruhuna ýugrulan türkmen topragynda Garaşsyzlygyň 21 ýyllygy baş ählihalk dabarasy hökmünde ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna özgerişlikleriň we gülläp ösüşiň ýolunda bedew bady biden okgunly öňe barýan Watanymyzyň ajaýyp paýtagtynda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, kärhanalar, dürli maksatly desgalar yzly-yzyna ulanmaga berilýär, seýilgählerde we medeni merkezlerde ildeşlerimiziň kalplaryny şatlykdan we özygtyýarly Watanymyza bolan çäksiz buýsançdan doldurýan dürli öwüşginli aýdym-sazly çäreler geçirilýär. 

Şu gün agşamara 20 müň tomaşaçy orunlyk, bir ýyl mundan ozal milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen köpugurly “Aşgabat” stadiony baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, hormatly ýaşulular, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaşlar ýygnandy. Bu ýerde hormatly myhmanlaryň arasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XV maslahatyna gatnaşan daşary ýurtly watandaşlarymyz, şeýle hem şu ajaýyp günlerde biziň ýurdumyza gelip görmek bagty miýesser eden daşary ýurtly myhmanlar bar. 
Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýanlaryň we tomaşaçylaryň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary pasyrdaýar, garaşsyzlyk taglymlaryny wasp edýän şygarlar bar. Hemme zat uly dabaranyň başlanmagyna taýýar. Bu ýerde ýokary baýramçylyk ruhy höküm sürýär. 
Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär. Baýramçylyk dabaralarynyň başlanýandygyny habar berýän surnaýlar ýaňlanýar. Ýigitler we gyzlar stadionyň meýdançasyna çykyp, sekizburçlugy şekillendirýän, içinde Garaşsyzlyk binasynyň gezekleşip gelýän şekili we 21-lik sany görkezýän görnüşi düzýärler. Ol biziň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýylky senesini alamatlandyrýar. 
Ägirt uly sport toplumynda ýurdumyzyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Tomaşaçylaryň we dabara gatnaşýanlaryň sesleri goşulyşyp, adamlaryň kalplaryny Watana bolan çäksiz buýsançdan doldurýar. Bu ýere gelen adamlaryň her biriniň kalbyny çäksiz bagtyýarlyk duýgusy gurşap alýar. 
Stadionda alypbaryjynyň tolgundyryjy ses ýaňlanýar, ol türkmen halkyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlaýar, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine başyny başlan iri möçberli özgertmeleriniň rowaçlanmagy arzuw edilýär. 
Berkara döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän “Bagtyýarlyk döwrümiz” diýen aýdym ýaňlanýar. 
Şu gün 21 ýyl mundan ozal dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz döwlet diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň taryhynda biziň halkymyzyň ajaýyp ýeňişlerini beýan edýän täze sahypalar ýazylýar. Ägirt uly maksatnamalar durmuşa geçirilýär, biziň her birimiziň durmuşymyz düýpli özgerýär, täze belentliklere ýetilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Bu maksatnama laýyklykda sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge döwletimiz ägirt uly maýa goýumlaryny goýýar. Bu bolsa türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny kepillendirýär, milletiň ruhy taýdan galkynmagyna şert döredýär. Şunda milletiň Lideri tarapyndan yglan edilen “Döwlet adam üçindir!” diýen esasy ýörelge öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ata-babalarymyzyň baý we asylly medeni mirasyna hem-de däp-dessurlaryna esaslanýar. Bu milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen jemgyýetiniň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykmagynyň girewidir. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bazar özgertmeleriniň aýdyň subutnamalarynyň biri hem ýakynda Bütindünýä banky tarapyndan Türkmenistana girdejileriň ortadan ýokary bolan ýurduň derejesiniň berilmegidir. Şeýle derejäni alan ýurtlaryň arasynda biziň ýurdumyzdan başga-da, Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Eýran we beýleki käbir döwletler bar. 
Meýdançanyň merkezinde ýurdumyzyň agzybir bäş welaýatyny alamatlandyrýan 5 sany ak öýüň şekili peýda bolýar. Stadionda yzly-yzyna türkmenistanlylaryň parahatçylykly we bagtly durmuşyny alamatlandyrýan görnüşler janlanýar. Çaga doglandan ösüp kemala gelip, bagtyýar maşgalany döredýänçä geçýän ýoly suratlandyrylýar. Ine, ene sallançagy üwräp, öz agtyklaryny hüwdüleýär. Ine-de, ösüp ulalan çagalar elleri kitaply, noutbuk kompýuterli we gülli mekdebi bilim almaga barýarlar. Tans toparlary “Bagtyýar nesiller” diýen aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirýärler. Onda Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurdy hökmünde wasp edilýär. 
Soňra “Bagtyýarlyk sporty” diýen joşgunly sazyň astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussat türgenleriň gatnaşmagynda aýdyň öwüşginli çykyş ýaýbaňlandyrylýar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda aýratyn tagalla edýär. Häzirki wagtda döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli görnüşli sport desgalarynyň, şol sanda döwrebap stadionlaryň we sport mekdepleriniň gurluşygy giňden alnyp barylýar. Bularyň ählisi türgenler üçin, ilkinji nobatda bolsa ýaşlar üçin öz ussatlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, geljekde-de ýokary sport derejelerine ýetmekleri üçin giň mümkinçilik açýar. 
Dabara berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hil taýdan täze derejä çykarylan bilim we ylym baradaky çykyşlar bilen dowam etdirilýär. Meýdançada häzirki döwürde dürli hünärleri ele almak üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlaryň wekilleri çykýarlar. Diňe şu ýyl ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 20-si boýunça dersler berlip başlandy, ýaşlaryň 5700-den gowragy okuwa kabul edildi. Bu 2011-nji ýyldakydan 700 talybyň köp kabul edilendigini aňladýar. Orta hünär okuw mekdeplerine hem okuwçylaryň 5700-den gowragy kabul edildi. Stadionda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaş nesli hakynda hemmetaraplaýyn aladasyny, halkara derejesindäki bilimleri almaga döredilen mümkinçilikler üçin çuňňur hoşallygy beýan edýän “Ýaşlaryň arzuwy” diýen aýdym ýaňlanýar. 
Stadionyň ylgaw ýodajyklarynda dünýäde şöhrat gazanan, türkmen halkynyň köpasyrlyk buýsanjy we baýlygy bolan meşhur ahalteke bedewleri peýda bolýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe atçylygy ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Muňa milletiň Lideriniň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän iň owadan ahalteke bedewleriniň bäsleşigi hem subutnama bolup biler. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary halkara talaplaryna laýyk gelýän we iň häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylan atçylyk-sport toplumlarynyň ulanmaga berilmegi döwletimiziň bu pudaga näderejede üns berýändigini görkezýär. 
Şol wagt stadionda “Jigitler” tansy ýerine ýetirilýär. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda meýdançanyň gyrasynda çapyksuwarlar at üstündäki gadymdan gelýän milli oýunlary görkezýärler. 
Dabaralary dürli goşun kysymlaryna laýyklykda lybaslary geýen harby gullukçylar dowam edýärler. El bilen söweşiň ýokary usulyny görkezeninden soň biziň mähriban ülkämiziň asuda asmanyny öz tutanýerli gulluklary bilen goraýan harby düzümler yzly-yzyna dabaraly ýöriş bilen geçýärler. Sentýabr aýynda “Hazar-2012” atly harby-taktiki okuwlarda türkmen esgerleri iň çylşyrymly harby tabşyryklary ýerine ýetirip bilýändiklerini, Garaşsyz, BitarapTürkmenistanyň goşunynyň kämil tehnika bilen üpjün edilendigini we beýik ata-babalarymyzyň şöhratyna mynasyp bolup, bitarap döwletimiziň mukaddes çäkleriniň eldegrilmezligini ygtybarly goramaga ukyplydygyny subut etdiler. 
Sahnalaşdyrylan çykyşlar tamamlanyp barýar. Stadionda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň oňat bezelen gelnalyjysy peýda bolýar. Ak ulaglardan toý lybasyndaky 5 sany owadan gelin düşýär. Ýigitleriň her biri öz gelniniň elinden tutýarlar. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi “Gelin geldi” diýen aýdymy bilelikde ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzyň 5 welaýatyndan bolan köp sanly çeper höwesjeň we ussat artistler ertekilerdäki ýaly bezelen lybaslarda sungatyň dili bilen özbaşdaklyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan belent sepgitlerini beýan edýärler. Soňra olar bilelikde “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirmek bilen türkmenistanlylaryň öz milli Lideriniň töwereginde jebisleşendigini, munuň bolsa söýgüli Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň girewidigini wasp edýärler. 
Stadiona gelen ähli adamlaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan meşhur “Buýsançnama” aýdymy bu ägirt uly tomaşanyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Garaşsyz, Bitarap, Watanymyzyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyryjysy bolan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyşlar ýaňlanýar. 
Türkmenistanyň şäherlerine we obalaryna adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýan, buýsanjyny, röwşen geljege bolan ynamyny artdyrýan beýik baýramçylyk geldi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda German Ykdysadyýetiniň Gününe Gatnaşyjylara

Döwlet Baştutanynyň Permanyna Laýyklykda 828 Raýatyň Günäsi Geçildi

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach