22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Behişdi ahalteke atlary” atly žurnalyň täze sany.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilen günlerinde “Behişdi ahalteke atlary” atly maglumat beriş-seljeriş žurnalynyň şanly senä bagyşlanan nobatdaky sany çapdan çykdy. 

Milli Liderimiziň baştutanlyk edýän Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň ýokary çaphana derejesinde bezelen žurnaly türkmenistanlylar, Watanymyzyň döredijilik üstünliklerine hem-de ösüşe tarap okgunly hereketiniň özboluşly nyşany bolan behişdi bedewlere hakyky sarpa goýýanlaryň ählisi üçin ýakymly sowgat boldy. 



Mälim bolşy ýaly, žurnalyň birinji sany şu ýylyň ýazynda Türkmen bedewiniň baýramynyň öňýanynda çapdan çykypdy. Giň okyyjylar köpçüligi üçin niýetlenen, türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýän bu žurnalyň esasy maksady arassa tohumly ahalteke bedewlerini, öz gözbaşyny türkmen halkynyň köp müňýyllyk taryhyndan alyp gaýdýan atçylygyň milli däp-dessurlaryny Ýer ýüzünde giňden wagyz etmekden ybaratdyr. 

Žurnalyň bu sany ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerimize hakyky sarpa goýýan we olara ussatlyk bilen erk etmegi başarýan milli Liderimiz 

Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenleriň bedewe bolan çäksiz sarpasyny we söýgüsini açyp görkezýän çuňňur mazmunly jümleleri bilen açylýar. Ata-babalarymyzyň ençeme nesilleriniň tutanýerli zähmeti we üýtgeşik zehini bilen kemala getirilen behişdi bedewlerimiz türkmeniň hakyky dostudyr we wepaly hemrasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň milli atçylygy ösdürmäge we bu ugurda gadymdan gelýän däp-dessurlaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi netijesinde türkmen bedewleri dünýäde iň gowy atlaryň biri hökmünde tebigy gözelligi bilen uly şöhrata eýe boldy. 



Žurnalyň sahypalarynda ahalteke bedewleriniň üýtgeşik aýratynlyklary, atşynaslar we tejribeli seýisler tarapyndan hemmetaraplaýyn alada hem-de üns bilen gurşalandygy, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge we ýaş nesli sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga işjeň çekmek maksady bilen alnyp barylýan çäreler hakynda söhbet açylýar. 

Şeýle hem žurnalda ýurdumyzda şanly senelere we baýramçylyk dabaralaryna bagyşlanyp, häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynda geçirilýän dürli derejedäki at çapyşyklary barada jikme-jik gürrüň berilýär. 

Žurnalda çap edilen giňişleýin makala atçylyk boýunça halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanýar. Fransiýanyň bütin dünýäde meşhur bolan türgenleşik merkezlerine we aýlawlaryna baryp görmek türkmen hünärmenleri, seýisleri we çapyksuwarlary üçin “Fransuz topragyndaky baýramçylyk” boldy. Biziň iň gowy çapyksuwarlarymyzyň, şanly waka mynasybetli ýörite Pariže gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem hormatly myhman hökmünde gatnaşan “Triumfal arka baýragy—2012” atly halkara atçylyk sport ýaryşlaryna ilkinji gezek gatnaşandyklaryny bellemek möhümdir. 

Şeýle hem žurnalyň okyjylary behişdi bedewlere bagyşlanan beýleki gyzykly makalalary okap bilerler. Bedewleriň ajaýyp sypatlarynyň şekillendiriş sungatynda beýan edilişi barada žurnalda çap edilen makalalar türkmen halkynyň müdümi milli baýlygy bolan bedewe goýulýan sarpanyň has-da artmagyna ýardam eder.

Degişli makalalar

Ýokary Tehnologiki Önümçiligi

turkmenhabargullugy

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy