27.9 C
Aşkabat
01.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

1 million tonnadan gowrak türkmen gallasy taýýar.

Türkmenistanyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar—ýurdumyzyň taýýarlaýyş bölümlerine bugdaýyň 1 million tonnadan gowragy gelip gowuşdy. Bu belent sepgide ýetilmegi şu ýyl ekerançylaryň ýetişdirilen bol galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we Watan harmanyna ýokary hilli gallanyň 1 million 600 müň tonnasyny tabşyrmak baradaky esasy wezipäniň hötdesinden abraý bilen geljekdigine ynam döredýär.

Türkmen gallaçylarynyň nobatdaky üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanmak, oba hojalyk toplumyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek, ekerançylyga bazar gatnaşyklarynyň usullaryny yzygiderli ornaşdyrmak we beýleki möhüm çäreler türkmen döwletiniň oba hojalyk babatda durmuşa geçirýän syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapdy.

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ýakyndan goldaw berilýär, obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümi täze tehnikalar bilen üpjün edilýär we döwrebaplaşdyrylýar, ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ösdürilýär, suw üpjünçiligi meseleleri netijeli çözülýär. Oba hojalyk toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, beýleki tehnikalar satyn alynýar. Olar deslapdan her bir welaýatyň anyk toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilýär. Mundan başga-da, öz möhletini geçiren we hasapdan öçürmäge degişli oba hojalyk maşynlary olary gaýtadan dikeltmäge isleg bildirýän daýhanlara we hususy telekeçilere muzdsuz berilýär.

Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň maliýe-ykdysady gurallary barada gürrüň edip, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine ýeňillikli karzlaryň berilýändigini bellemek möhümdir. Dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda dänäniň döwlet satyn alyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwletiň olary öndürijiler bilen özara hasaplaşyklarynyň has kämil ulgamynyň ornaşdyrylmagy daýhanlar üçin höweslendiriş çäresi bolup hyzmat edýär.

Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda, tohumçylygy ösdürmekde ylma möhüm orun degişlidir. Türkmen alymlarynyň ygtyýarynda degişli ugurda ylmy barlag institutlarynyň, tejribe hojalyklarynyň ylmy önümçilik merkezleriniň tutuş ulgamy bar. Olar iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy barlaglary geçirmek we esasan-da geljegi uly işläp düzmeleri durmuşa ornaşdyrmak boýunça hakyky synag meýdançalaryna öwrüldi.

Geçen ýyl Türkmenistanyň öz taryhynda ilkinji gezek azyklyk dänäni daşary ýurtlara iberip başlamagy okgunly döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan ägirt uly ähmiýete eýe bolýp durýar. Hususan-da, ýurdumyzda 2010-njy ýylda ýetişdirilen bugdaý hasylyndan dänäniň 150 müň tonnasy daşarky bazara, 30 müň tonnasy bolsa içerki bazara ýerlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 15-nji iýunynda geçiren mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda bolsa “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasyna 2011-nji ýylyň hasylyndan bugdaýyň 300 müň tonnasyny daşarky bazarlarda ýerlemäge ygtyýar berildi.

Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda özümizde öndürilen un bilen içerki bazary doly üpjün etmegiň hasabyna öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň aýdyň subutnamasydyr.

Galla oragy dowam edýär, harmanlara her günde ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Häzirki wagtda galla oragynda Lebap welaýatynyň ekerançylary öňde barýarlar. Şu günler Serhetabat, Tagtabazar, Beýik Türkmenbaşy adyndaky, Garabekewül, Halaç, Saýat, Hojambaz, Köýtendag we Atamyrat etraplarynyň zähmetsöýer gallaçylary döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, galan hasylyň ýekejesi dänesini hem isrip etmän, ýygnamak ugrunda ähli zerur çäreleri görýärler. Orak beýleki welaýatlarda hem ýokary depginlerde alnyp barylýar, daýhanlar döwlete däne tabşyrmak boýunça öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýärler.

Şu ýyl ýurdumyzda galla ekilen ýerleriň umumy meýdany 860 müň gektara deň bolup, olaryň agramly bölegi bugdaýyň ýokary hasylly sortlary, hususan-da, “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Batko”, “Ýubileýnyý – 100”, “Bitarap”, “Juwan”, “Türkmenbaşy-1” we “Türkmenbaşy” sortlarydyr. Olar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde oňat ösüp, bereketli hasyl berýärler.

Galla oragynda däne ýygnaýan kombaýnlaryň 2000-e golaýy, esasan “Keýs”, “Jon Dir”, “Klaas” we “Nýu Holland” kombaýnlary ulanylýar. Ýörite enjamlaşdyrylan ýük awtoulaglarynyň 6 müňe golaýy dänäni harmanlara we elewatorlara tiz we ýitgisiz ýetirýärler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ulag serişdeleri, şeýle hem şertnamalaýyn esasda ulanylýan hususy ýük awtoulaglary bar.

Täze hasylyň dänesi “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň kabul ediş bölümleriniň 158-sine gelip gowuşýar. Olaryň her birinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalar bar, olarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitleýärler.

“Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy gallaçylar bilen “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümleriniň üsti bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirýär.

Gazanylan üstünligi has-da berkitmek üçin galla meýdanlarynda iş depginlerini birjik-de peseltmezlik zerurdyr. Tebigatyň özi hem belent maksada ýetmekde türkmen ekerançylaryna garaşyk edýär. Indi ýurdumyzyň berekedini artdyrmagyň, biziň halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň hatyrasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl gallaçylaryň öňünde goýan wezipeleriniň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin sazlaşykly, tutanýerli zähmet bilen galla oragynyň depginlerini has-da artdyrmak galýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Nebitgaz Toplumy

turkmenhabargullugy

Termezde Maslahat Geçirildi

syrach