21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

6 ýyl soň ilkinji duşuşyk geçirildi.

6 ýyl soň ilkinji duşuşyk geçirildi. ABŞ-nyň Prezidenti Jon Kerri bilen Eýranyň Daşary işler ministri Jewat Zarif Eýranyň ýadro maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdy.

Nýu Ýorkda geçirlen duşuşyga Hytaýyň, Russiýanyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň diplomatlary hem gatnaşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Kerri Zarifiň Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesinde oňyn çemeleşme bilen gelendigini, emma sözleriň indi ýeterlik derejede bolmajakdygyny we anyk tagalla etmelidigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewat Zarif hem duşuşygyň netijeli geçendigini aýtdy.

“İndi bu meseläni çözmek isleýäris” diýen Zarif, Eýranyň ýadro maksatnamasynyň parahatçylykly maksatly bolandygynyň kabul edilmegini isledi.

Taraplar bu meselede 15-nji oktýabrdan başlap Ženewada giň gerimli gepleşikleriň geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy. 

Degişli makalalar

Aşgabatda VIII halkara sergisi-ýarmarkasy tamamlandy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasaryny Kabul Etdi

syrach

“Lebap” Topary Futbol Boýunça Ýetginjekleriň Arasynda Türkmenistanyň Çempiony Boldy

turkmenhabargullugy