18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

8-nji Martda “Ene mähri” Diýen Hormatly Ada Mynasyp Bolan Eneleri Sarpalamak Çäresi Geçirildi

8-nji Martda “Ene mähri” Diýen Hormatly Ada Mynasyp Bolan Eneleri Sarpalamak Çäresi Geçirildi

Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanylan dabara geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler sarpalanyldy.

2008-nji ýylda döredilen bu hormatly ada her ýyl sekiz we ondan hem köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlaryň köpüsi mynasyp bolýarlar. Munuň özi türkmen döwletiniň köp çagaly enelere aýratyn üns we goldaw berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dabara şeýle hem hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Sungat ussatlarynyň çykyşlary, aýdym-saz sahnasynyň ýyldyzlarynyň we belli aýdymçylaryň, döredijilik toparlarynyň, ýaş artistleriň çykyşlary gözelligiň, söýginiň, baharyň, durmuşyň we türkmen zenanynyň keşbiniň senasyna öwrüldi.

“Arkadagly zamanda bagtly ýaşaň siz, zenanlar” atly edebi-sazly çykyş baýramçylyk maksatnamasynyň esasyny düzdi. Ony teatrlaryň artistleri we ýurdumyzyň çagalar tans toparlary ýerine ýetirdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň wideo şekilde ýaňlanan “Bagt nury” we “Kalbymda sen” diýen aýdymlary dabara gatnaşyjylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Tomaşaçylar zenan bagty we wepalylygy, ene söýgüsi we sabyr-kanagaty, ene topragymyzyň öçmejek gözelligi baradaky ajaýyp aýdymlary tolgunma bilen diňlediler.

Dabaranyň ahyrynda mähriban gelin-gyzlarymyza bagyşlanan, Garaşsyz Watanymyza we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan buýsanç duýgusyna beslenen “Halk Watan Arkadag” atly aýdym ýaňlandy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda bu gün Türkmenistanda mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň bähbidine ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygy beýan edilýär.

Zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany we eneligi goldamak jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijileri bolup durýar. Türkmenistanda bu wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy hem-de olar anyk işlerde öz beýanyny tapýar.

Biziň ýurdumyz abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürip, bu wezipeleriň durmuşa geçirilmegine jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. 2015-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň gender deňligi boýunça hem-de zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek babatynda “BMG-Zenanlar” düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanylmagy döwletimizde erkekleriň we zenanlaryň deňliginiň ilerledilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň geçirilýändiginiň ykrarnamasydyr.

Türkmenistanyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy dürli ulgamlarda, şol sanda gender deňligi meselesinde anyk wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Ilat gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi. BMG-niň bu düzüminiň geňeş goldawyny bermeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllarda gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy” işlenip taýýarlanyldy.

Bu resminamanyň kabul edilmegi netijesinde gender deňligi babatynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary kesgitlenildi, ol zenanlaryň erkekler bilen bir hatarda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda amala aşyrylýan işlere gatnaşmagyny has-da giňeltmek üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükldirilendir.

Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ulgamy döwlet goldawyna eýe boldy, çagalaryň saglygyny berkitmek, olaryň ýokary hilli bilim almagy hem-de sazlaşykly terbiýelenmegi, bedenterbiýe we saport bilen meşgullanmagy, özleriniň döredijilik başarnyklaryny hem-de zehinlerini ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda iň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, lukmançylyk edaralary hem-de sport desgalary guruldy we gurulýar. Gökderede, Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde gurlan çagalar sagaldyş merkezleri ýaş nesliň ygtyýaryna berildi.

Zenanlar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýärler.

Degişli makalalar

Watanymyzy Bagy-Bossanlyga Öwürmek Bag Ekmek Maksatnamasynyň Esasy Maksadydyr

turkmenhabargullugy

Mejlisiň Kada-Kanunçylyk Baradaky Komitetiniň Başlygy Serdar Berdimuhamedow Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirdi

turkmenhabargullugy

Oraza Aýynyň Gelmegi Mynasybetli Döwlet Baştutanymyza Eýranyň Prezidenti, Kuweýtiň Emiri we Omanyň Soltany Mähirli Gutlaglaryny Iberdiler