01.12.2025
YKDYSADYÝET

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Düýn türkmen paýtagtyna gelen Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu gün Türkmenistanyň Hökümetinde we paýtagtymyzyň häkimliginde kabul edildi.

Türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň dürli ugurlar boýunça däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryny, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we şähergurluşyk ulgamlarynda mundan beýläk-de giňeltmegiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýratyn işewür häsiýete eýe bolup durýandygyny hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň ýokary wezipeli wekili hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary iki dostlukly ýurduň özara bähbitlerini nazara almak bilen guralýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirdiler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Dünýäniň Maliýe Toparlary Türkmenistan Bilen Uzakmöhletleýin Hyzmatdaşlyga Gyzyklanma Bildirýärler

syrach

Jemi Içerki Önümiň Ösüş Depgini Şu Ýylyň 11 Aýynda 6.5 Göterime Deň Boldy

Ýewropanyň Merkezi Banky Reforma Geçirmeklige Çagyrýar

syrach