21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YKDYSADYÝET

Gurluşyk senagaty: daşary ýurt kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini ulanyp

Watanymyzyň şäherlerinde we obalarynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Häzir Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň gerimi görenleri haýran galdyrýar. Ol giň möçberli işler döwrüň aýdyň alamatyna öwrüldi. Öňler bu işleri amala aşyrmak üçin onlarça ýyl gerek bolan bolsa, indi olar sanalgyja aýyň dowamynda ýerine ýetirilýär.

Gurluşyk ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biridir. Durmuşa geçirilýän taslamalaryň umumy bahasy ençeme milliard dollara barabardyr. Biziň ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda, uly tejribä we öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan esasy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr.

Ýurdumyzda täze taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan kompaniýalaryň biri hem “Renaissance” türk kompaniýasydyr. Bu kompaniýa Ýewropa, Demirgazyk Afrika hem-de Aziýa ýurtlarynda senagat kärhanalaryny, söwda toplumlaryny, ýaşaýyş we edara jaýlaryny, ulag düzümleriniň desgalaryny, myhmanhana we dynç alyş toplumlaryny gurmakda üstünlikli işlemegiň uly tejribesini toplady.

Biziň ýurdumyzda “Renaissance” kompaniýasy Türkmenistanda eýýäm giň möçberli taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirýär, hususan-da, Aşgabatda Türkmen politehniki institutynyň binasyny we “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezini, şeýle hem Mary şäherinde iri senagat toplumyny – ammiak we karbamid öndürýän zawodlary gurýar.

Mysal üçin, Türkmen politehniki institutynyň binalarynyň täze toplumy özüne edara binasyny, nebit we gaz, arhitektura, kompýuter tehnolgiýalary, ykdysadyýet we dolandyryş fakultetleriniň binalaryny, şeýle hem umumýaşaýyş jaýlaryny, sport toplumyny, talyplar merkezini birleşdirýär. Bu binalaryň umumy meýdany 18 müň inedördül metre barabardyr. Şeýle hem stadion we açyk sport meýdançasy, ussahana, ulag üçin üsti ýapyk duralga we beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Gurjak teatrynyň hem-de “Ertekiler dünýäsi” toplumynyň golaýynda gurulýan “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş toplumy bu ýerde aýratyn sazlaşyk döreder. Ol Aşgabadyň körpe ýaşaýjylarynyň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler.

Maryda gurulýan zawodlar toplumy bir ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenendir. Toplum häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler hem-de bu ýerde önümçiligiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak we önümleri külkelemek göz öňünde tutulýar.

– Biz Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine dahyllydygymyza guwanýarys, biziň tejribämiziň we işlerimiziň bu ýerde gerek bolandygyna buýsanýarys. Türkmen hyzmatdaşlarymyzyň uly we jogapkärli taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmagy bize ynanmagy guwançlydyr. Biz bu ynamy ödemek üçin täze şertnamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşýäris – diýip, bu kompaniýanyň prezidenti Awni Akwardar TDH-niň habarçysyna beren gürrüňünde belledi.

Ýakynda bolsa biziň kompaniýamyz uly taslamalaryň birbada üçüsini amala aşyrmak—Demirýol ulaglary ministrliginiň, Awtomobil ulaglary ministrliginiň we “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň täze edara binalaryny gurmak baradaky bäsleşikde ýeňiş gazandy. Şonda ol bu uly möçberli taslamalary amala aşyrmak boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşan “Buig”, “VINCI” ýaly dünýäniň öňdebaryjy firmalary bilen bäsleşmegiň hötdesinden geldi.

“Renaissance” geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Biz Türkmenistana ajaýyp geljegiň garaşýandygyna ynanýarys we türkmen topragyny özgertmäge öz goşandymyzy goşýandygymyza, türkmen halkynyň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň ösüş ýolunda gazanan üstünliklerine özümiziň hem dahyllydygymyza guwanýarys.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

syrach

Türkmenistan MasterСard bilen lisenzion ylalaşygy baglaşar.

syrach

ÝET-niň 2017-nji Ýylyň 3 Aýynyň Jemleri Jemlenildi