16.04.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär Bekmyrat Atalyýewiň Daşoguz Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşygy Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär Bekmyrat Atalyýewiň Daşoguz Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşygy Geçirildi

Daşoguzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Rysgal” Paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.

N.Andalyp adyndaky Döwlet drama teatrynyň zalynda şäheriň jemgyýetçilik wekilleri, hormatly ýaşulular, dürli edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar. Dalaşgäriň ynanylan wekiliniň çykyşynda B.Atalyýewiň şahsy we işewürlik aýratynlyklary, şeýle hem bank ulgamynda alyp barýan işleri häsiýetlendirildi.

B.Atalyýewe özüni ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalaryna hoşallyk bildirip, ýygnananlary özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we ýurdumyzyň telekeçiliginiň goldanylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary peýdalanmak, halkara gatnaşyklarynda “açyk gapylar” syýasaty sýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

B.Atalyýew welaýatlaryň senagat taýdan ösüşini işjeňleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, bu möhüm wezipeleriň çözülmegi üçin ähli güýjüni gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Degişli makalalar

Türkmen Türgenleriniň Başa-baş Söweşiň Garyşyk Görnüşinde Gazanan Ynamly Ýeňişleri

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Nyşanlary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi

syrach