37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, BAE-den, Owganystandan, Gonkongdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Türkiýeli işewürler tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Belizden, Ukrainadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna azyklyk bugdaýy, nah mata we ýüplügi, pagta süýümi, çig ýüpegi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million 215 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 791 müň manatdan gowrak polipropileni (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Halkara Sport Kongresine Gatnaşar

turkmenhabargullugy

Paýtagtymyzyň Sergi Merkezinde Nurgeldi Beknazarowyň 65 Ýaşynyň Dolmagyna Bagyşlanyp Sergi Guraldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň Wekiliýetiniň Agzalary Bilen Duşuşyk Geçirildi