17.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmenistanda Ylymlar Güni Bellenildi

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanda däp boýunça guralýan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat şu ýyl onlaýn görnüşde geçirilýär — foruma gatnaşyjy köpsanly daşary ýurtlular oňa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan döwlet gurluşy strategiýasynda, milli maksatnamalarda, ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge we sanly ulgama geçirmäge hem-de netijeli inženerçilik çözgütlerine daýanmaga esasy orun berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, ylym ýurtlaryň arasyndaky özara alyşmalarsyz, bilelikdäki taslamalarsyz, pikirleri we gazanylanlary ara alyp maslahatlaşmazdan, birek-birege tejribäni geçirmezden netijeli ösüp bilmez.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hyzmatdaşlygy Durnukly ösüş maksatlaryna, ykdysadyýetde ählumumy ösüşi çaltlandyrmaga, durmuş, ekologiýa meselelerini çözmäge, ylmy diplomatiýanyň we dünýä medeniýetiniň ilerledilmegine ugrukdyrýar.

Şu gün döwrebap kommunikasiýa serişdeleri türkmen alymlaryny, mugallymlaryny, ýaş ylmy-barlagçylary we dünýäniň ýigrimi ýurdundan ylmy toparlaryň wekillerini wajyp meseleleriň töweregine jemlemäge mümkinçilik berdi. Olaryň hatarynda Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Italiýa, Ispaniýa, Latwiýa, Polşa, Türkiýe, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy, Moldowa, Gruziýa, Ermenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Pakistan, Eýran, Müsür, Hindistan bar.

Aýdym-saza beslenen maslahatyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň biri bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Bu ýokary okuw mekdebi döwletimiziň aň-paýhas we ylmy-tehniki kuwwatynyň ösüşiniň esasy merkezleriniň biridir.

Şu ýerde guralan innowasion taslamalaryň we tehnologiýalaryň sergisi bu ýaş okuw mekdebiniň şol ýolda üstünlikli ädimleri ädýändigine şaýatlyk edýär. Oňa uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary wekilçilik etdiler.

Sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň işläp taýýarlamalary, şol sanda synag taslamalary hem-de eýýäm senagat taýdan özleşdirilip başlanan taslamalar görkezildi.

Türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy-barlaglarynyň ugurlarynyň diňe bir nazaryýet babatda däl, eýsem, amaly taýdan ulanylmagy nukdaýnazaryndan hem möhümdigi guwandyrýar. Olar döwrüň çagyryşlaryna dessine täsir etmäge hem esaslanandyr.

Mysal üçin, TYA-nyň Himiýa institutynyň işgärler topary ýokanç keselleriň we kesel döredýän mikroblaryň ýaýramagyna garşy hereket edilmeginiň has netijeli bolmagyny gazanmaga ukyply täze önümiň barlaglaryny üstünlikli geçirdi.

Soňra forumyň wekilleri maslahatlar zalyna ýygnanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ylymlar güni mynasybetli halkara teleköprä gatnaşyjylara hem-de ýurdumyzyň tutuş ylmy jemgyýetçiligine iberen gutlagyny üns berip diňlediler.

Häzirki döwürde biz iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hem ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulýandygyny we bu işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Şu forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň, işläp taýýarlamalaryň hem-de täze tehnologiýalary ulanmagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Umumy mejlisiň barşynda Ýewropanyň we Aziýanyň meşhur ylmy merkezleriniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Şolaryň hatarynda Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Georgiý Kwesitadze, Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, ylymlaryň doktory Murat Jumataýew, Belarus Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň başlygynyň birinji orunbasary Sergeý Çižik, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň akademigi, birinji wise-prezidenti Ybragym Saýyd ogly Guliýew, Latwiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Andres Krasnikows, Tokio uniwersitetiniň professory Hideomi Koinuma we beýlekiler bar.

Çykyş edenler wekilçilik edýän ylmy guramalarynda geçirilýän barlaglaryň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda bolsa, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, sebitde we tutuş dünýäde ileri tutulýan ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin umumy akademiki binýady hem-de ulgamlaýyn hyzmatlary kemala getirmek babatda hyzmatdaşlygyň geljegi barada garaýyşlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen ylmyny ösdürmek, alternatiw energetika, derman senagaty, çig maly gaýtadan işlemek ulgamynda işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň serişdesi hökmünde halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak babatdaky tagallalary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Çykyş edenler, şol sanda türkmen alymlary ýurdumyzyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny ösdürmegiň strategiki ugry hökmünde sanlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak, döwlet dolandyryşy, bilim, nebitgaz senagaty, söwda, syýahatçylyk, oba we suw hojalygy hem-de atçylyk ulgamlaryny ösdürmek babatda milli we halkara tejribesine garaldy.

Çykyşlaryň birinde gyzykly nukdaýnazar beýan edildi. Bu garaýyş sanly ykdysadyýete geçilende, işgärleri taýýarlamakda hem-de ykdysady taýdan terbiýelemekde matematika dersiniň ähmiýetiniň artýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki döwürde Türkmenistanda telekommunikasiýa pudagy ykjam aragatnaşygyň täze, bäşinji, 5G ulgamyny ornaşdyrmagyň bosagasynda dur. Şonuň ösdürilmegi ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň ählisiniň ösdürilmegine itergi berer hem-de adamyň işini köp babatda özgerder.

Şeýle hem maslahatda ýurdumyzda dürli düzümlerde – himiýa senagatynyň kärhanalarynda, ýol gözegçiligi gullugynda we ulag serişdelerini dolandyrmakda, ekologiýa gözegçiligi gullugynda, arheologiýada hem-de dikeldiş işlerinde we beýlekilerde sanly ulgamyň üstünlikli ulanylýandygynyň anyk mysallary getirildi.

Daşary ýurtly alymlar türkmen kärdeşleri bilen giň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edip, ýurdumyzda döwrebap ylym düzüminiň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw we uly üns bermegi netijesinde, innowasion iş üçin döredilen mümkinçilikleriň hem-de şertleriň bardygyny bellediler.

Foruma türkmen tarapyndan gatnaşyjylar Ylymlar gününe bagyşlanan dabaralara, ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdylar.

Ertir halkara maslahat bölümler boýunça işini dowam eder. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary, pudaklaryň sanly ulgama geçmegi» atly mowzuk boýunça mejlis geçiriler.

Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde oba hojalygyny ylmy taýdan ösdürmek, ekologiýa we biotehnologiýalaryň ähmiýeti bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde senagat-innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly meselelere garalar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysady ösüş, hukuk, halkara hyzmatdaşlyk we syýahatçylyk» atly mejlis geçiriler. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Lukmançylyk we derman öndürmek, sport» bölümi boýunça maslahat guralar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alymlaryň çykyşlary ynsanperwer ylymlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly bolar.

2020-nji ýylyň «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň üç jiltden ybarat nutuklaryň gysgaça beýany Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edildi.

Häzirki döwürde ylmyň ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, durmuş ulgamynda, gündelik durmuşymyzda örän möhüm orun eýeleýändigini subut etmegiň zerurlygy ýok. Dünýäniň alymlarynyň tagallasy, oýlap tapyjylaryň hem-de täzelikçileriň tutanýerli zähmetiniň netijesinde, ylym ähli ugurlarda okgunly ösdi. Şonuň bilen birlikde, adamzadyň abadançylygy hem ýokarlandy. Adamyň töweregindäki ähli zatlar — bu ylmyň gazananlarydyr.

Ylmyň ösüşiniň derejesi jemgyýetiň durmuşynyň derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Milli Liderimiz täze maglumat gurşawy hem-de sanly tehnologiýalaryň giňden ýaýramagy şertlerinde dürli ýurtlaryň ylmy-barlag birleşikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýär.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat şeýle gatnaşyklar üçin netijeli çäre hökmünde özüni görkezdi. Maslahatyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamynda geçmegi bolsa onuň mümkinçiliklerini we çäklerini has-da giňeldip, dürli ýurtlaryň abraýly birleşikleri üçin onlaýn görnüşinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga oňat şert döretdi. TDH

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzy we Welaýatlary Ösdürmek Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

syrach

Daşary Ýurtlardan Getirilýän Harytlaryň Ýurdumyzda Öndürilmegi

turkmenhabargullugy