16.04.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet Düzüminde Wezipelere Belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet Düzüminde Wezipelere Belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekip, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi:

Amanberdi Hojamuhammedowiç Tuýliýew Türkmenistanyň senagat ministri;

Nepes Allamyradowiç Gaýlyýew Türkmenistanyň dokma senagaty ministri;

Ogulhajat Amanmyradowna Işangulyýewa “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy;

Muhammetmyrat Hojalyýewiç Aýdogdyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy;

Taňyrguly Gurbangulyýewiç Paşiýew Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy;

Myratgeldi Resulowiç Meredow “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy;

Maksat Mämmetsaparowiç Babaýew Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipelerine bellenildiler.

Degişli makalalar

Amyderýanyň Arnasynda Buýan Ýygnamak Möwsümi Başlandy

Arkadaga Waspnama

Halkara Awtoulag Gatnawlary Boýunça Türkmen-Özbek Bilelikdäki Toparynyň Mejlisi Geçirildi