29.9 C
Aşkabat
17.06.2025
YKDYSADYÝET

“Beýik Ýüpek ýolunda turizm” ýarmarkasy Daşkentde açylar

Türkiýe Özbegistanyñ paýtagty Daşkende ertir açyljak “Beýik Ýüpek ýolunda turizm” 17-nji Halkara Daşkent turizm ýarmarkasyna hyzmatdaş ýurt hökmünde gatnaşar.

Ýarmarka hyzmatdaş ýurt hökmünde gatnaşjak Türkiýe Ordu we Çorum welaýatynyñ medeni we taryhy gymmatlyklaryny tanatmaga mümkinçilik tapar.

Şol çäkde Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiñ çäginde iş alyp barýan 30 adamlyk topar 4 güniñ dowamynda ýarmarkada çykyş eder.

Özbegistanyñ Turizm ministrligi tarapyndan geçirilýän ýarmarka Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Täjigistan, Ukraina, Maldowa, Russiýa, Bolgariýa, İspaniýa, Gresiýa, Çeh respublikasy, Müsür, Polşa, Malazýa, İndoneziýa, Günorta Koreýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Wetnam ýaly 30-a golaý ýurtdan 100-den gowrak firma gatnaşar.

Beýik Ýüpek ýolunda turizm ýarmarkasy 4-nji noýabra çenli dowam eder. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

HEA 2017-nji Ýylda Dünýä Boýunça Nebite Bolan Islegiň Çaklamasyny Aşaklandyrdy

Birža Täzelikleri

syrach

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazdaky Karbamid Zawodynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy