18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Oguzhanyň ýyldyzy Ginnesiň rekordlar kitabynda.

 Aşgabadyň ýene-de bir ajaýyplygy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Mälim bolşy ýaly, bu kitapda bütin dünýädäki dürli ugurlar, şol sanda gurluşyk we binagärlik ulgamlary boýunça aýratyn ähmiýetli işleriň netijeleri hasaba alynýar. Şu nukdaý nazardan türkmen paýtagtynda hakykatdan-da bütin dünýä görkezmäge hem-de guwanmaga zat bar. Bu gezek her ýylda neşir edilýän ýygyndynyň düzüjilerini “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň täze binasy ünsüni çekdi. Has takygy desganyň binagärlik aýratynlygy, ýagny Oguz hanyň äpet ýyldyzy häzirki döwürde dünýä binagärlik ulgamynda iň uly ýldyz hasaplanýar. “Ginnesiň Bütindünýä rekordlar” kompaniýasynyň resmi wekili Amanda Maken tarapyndan türkmen paýtagtyna getirilen degişli halkara Sertifikaty ony tassyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, täze teleradio merkez Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy. Ol ýurduň şanly ýubileýi mynasybetli gurlup ulanmaga berilýän binalaryň hatarynda boldy.

Özboluşly inženerçilik – tehniki desga Aşgabadyň günortasnyda Köpetdagyň etegindäki baýryň gerşinde bina edildi. Munuň özi täze desgany paýtagtymyzyň islendik ýerinden we şäheriň eteklerinden görmäge mümkinçilik döretdi. Belent başly telediňi bolan sekizburçly bütewi ýyldyz gündizlerine gün şöhlesine ajaýyp öwşün atýar, garaňky gatlaşanda bolsa binanyň döwrebap yşyklandyrylyşy onuň gözelligini artdyrýar.

Teleradio merkeziň kuwwatly antennasyny hem hasaba alanyňda onuň umumy beýikligi 211 metr. Toplumyň esasy desgasy 31 gatdan bolup, onuň 29-njy gatynda aýlanýan restoran ýerleşýär. Ol ýerden ak mermerli türkmen paýtagty we onuň etekleri eliň aýasynda ýaly görünýär. Aşgabadyň gözelligini hem-de Köpetdagyň dag derelerine syn etmek üçin teleradio merkeziň ýörite syn ediş eýwany bar. Ol ýerden paýtagtymyzda alnyp barylýan özgertmeleriň gerimine gözýetirmek mümkinçiligi bar.

Şeýlelikde bu täsin desga Aşgabadyň we ýurdumyzyň, täze galkynyş eýýamynyň özboluşly nyşanyna, şeýle hem Türkmenistanyň döredijiligiň we rowaçlygyň belentliklerine bolan meýilleriniň alamatyna öwrüldi.

Ginnesiň rekordlar Kitabyna Aşgabat ilkinji gezek özüniň 133 metrlik flakştogy bilen 2008-nji ýylda girdi. Ikinji gezek bolsa jemgyýetçilik ýerinde köp sanly suw çüwdürimler toplumynyň jemlenen şäheri hökmünde girdi. Şonda türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguz hany we onuň alty ogluny şekillendiren binagärlik – heýkeltaraşlyk toplumy rekordlar Kitabynyň ünsüni özüne çekdi. Bu toplumyň 14,82 gektar meýdany bolup, ol 27 sany bir wagtda akýan, yşyklandyrylan we tutuşlygyna maksatnama esasynda hereket edýän çüwdürimleri özünde jemleýär.

Bu ajaýyp toplumyň paýtagtymyzyň howa menziline barýan ýoluň ugrunda bina edilmegi aýratyn bellärliklidir. Çünki dünýäniň dürli künjeklerinden Türukmenistana gelýän myhmanlaryň sany artýar. Aşgabada gelýän myhmanlary milli gahrymanlyryň ady rowaýata öwrülen Oguz hanyň at üstündäki we onuň ogullary Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň, Gök hanyň, Dag hanyň we Deňiz hanyň şekilleri bilen utgaşýan suw çüdürimleri garşylaýar we bu türkmen halkynyň öz taryhyna hem-de däplerine ygrarlylygyny, myhmansöýerligini beýan edýär.

Bäş müň ýyl mundan ozal oguz türkmenleri özüniň ilkinji döwletini döredipdirler. Oguz hanyň hemişe öňe tutýan ýörelgesi parahatçylyk, agzybirlik we halkyň bitewiligi bolupdyr, şunsyz ýurduň abadançylygyny we rowaçlygyny göz öňüne getirmek kyndyr diýip nesilbaşymyz belläpdir. Häzirki döwürde biz Oguz hanyň asylly däplerini täze mazmun bilen baýlaşdyryp dowam edýäris. Şol asylly ýörelgelerine we pederlerimiziň mukaddes ýadygärligine uly hormatyň nyşany hökmünde Oguz hanyň sekiz burçly ýyldyzy döwlet nyşanlarymyzda, häzirki zaman türkmen binagärliginde, sungatymyzda we bezeg işlerimizde mynasyp orna eýe boldy. Şeýle hem binalaryň, desgalaryň içki we daşky bezeg işlerinde bu nyşan giňden ulanylýar.

Bu düýpli binagärlik aýratynlygy Aşgabatda täze gurlan telediňde, şeýle hem ýakynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda açylan “Bagt Köşgünde” öz beýanyny tapdy. Bu desgalaryň taslamaçylarynyň pikirine görä, Oguz hanyň ýldyzy türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiligini, onuň bozulmaz agzybirligini we bitewiligini, şol bir wagtyň özünde döredijilik ruhuny hem-de türkmen döwletiniň häzirki zamna kuwwatyny alamatlandyrýar.

Bu desgalaryň gurluşygyny Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilen öňki desgalaryňkyny bolşy ýaly, Türkiýäniň belli “Polimeks” kompaniýasy bina etdi. Ol biziň ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, birnäçe belli hem-de iri desgalary gurdy.

Aşgabadyň ajaýyplyklaryndan başga-da, Ginnesiň rekaordlar Kitabyna “Altyn asyr” äpet halynyň girizilendigini bellemeli. 2003-nji ýylda türkmen halyçywlarynyň elinden çykan bu äpet haly dünýäde iň uly el işi hökmünde hasaba alyndy. Baharlynyň çeper haly önümler fabriginde dokalan bu halynyň umumy meýdany 301 inedördül metre barabar bolup onuň 14×20 metrlik ölçegleri bardyr. Halynyň her bir inedördül metrinde 304 müňe çenli çitim ýerleşdirilipdir. Onuň agramy 1,5 tonna barabar. Haly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy mynasybetli 40 halyçynyň gatnaşmagynda sekiz aýyň dowamynda ýerine ýetirildi. Halyda umumy 120 million çitim bar.

Şol döwre çenli iň uly haly diýlip Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda dokalan “Türkmen kalby” halysy hasaba alnypdyr. Onuň umumy meýdany 193 inedördül metr.

Görnüşi ýaly, ösüş bir erde durmaýar. Ginnesiň rekordlar Kitaby hem hemişe täzelenip durýar. Ýöne geljekde guruljak kaşaň binalaryň, gün şöhlesine öwşün atýan suw çüwdürimleriniň we täze Galkynyş eýýamynyň başga birnäçe täsinlikleriniň dünýä rekordyny täzelejekdigine şübhelenmese bolar. Şolaryň hatarynda özüniň göwrümi we özboluşlylygy bilen dünýäni harýrana goýjak halylaryň boljakdygy hem gürrüňsizdir. Biziň çeper elli halyçylarymyzyň dünýä rekaordyny ýene täzelejekdiklerinpe şübhe ýokdur. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halyçylyk pudagyny ösdürmek üçin deňi-taýy bolmadyk mümkinçilikler döredilýär. Milli gymmatlyklarymyzyň gadyr-gymmatyny gowy bilýän döwlet Baştutanymyz bu nepis sungata özüniň “Janly rowaýat” atly kitabyny bagyşlady.

Häzirki döwürde dünýäde iň owadan we sazlaşykly ösýän şäherleriň birine öwrülýän türkmen paýtagtynyň öňünde giň mümkinçilikler açylýar. Aşgabada dünýä jemgyýetçiliginiň, işewür, syýasy, medeni we ylmy toparlaryň gyzyklanmalary artýar. Ýüz milliondan gowrak nusgada çap edilýän we dünýäniň 100-den gowrak ýurduna ugradylýan hem-de onlarça dile terjime edilýän Ginnesiň rekordlar Kitabynyň wekilleriniň biziň ýurdumyza yzygiderli gyzyklanmasy munuň aýdyň subutnamasydyr.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hazar: Umumy Maksatlaryň Bähbidine Sebitleýin Hyzmatdaşlyk

syrach

Pudagyň Iň Gowy Howa Menzili

syrach

Birinji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi