15.01.2026
DÜNÝÄ

Liwiýada täze hökümet guruldy.

Liwiýada Milli wagtlaýyn geñeş täze hökümetiñ gurlandygyny aýan etdi.

Geñeş tarapyndan Premýer ministrligine bellenen Abdurrahim Al Keib täze ministrler kabinetiniñ ýurda wekilçilik edýändigini aýan etdi.

Premýer ministr Al Keib Goranmak ministrligine ozal mugallym bolup işlän Zintan şäherindäki güýçleriñ serkerdesi Osame Al Žuwali, İçeri işler ministrligine Misrata şäherinden Fewzi Abdul Aali, Nebit ministrligine italiýan nebit firmasynyñ geñeşçisi Abdurrahim Bin Ýazzany, Medeniýet ministrligine bolsa Berberi belledi.

Täze hökümetde 2 sany hem zenen minisr bar.

Syýasy synçylar 8 aýyñ içinde geçirilmegine garaşylýan saýlawlara çenli ýurdy dolandyrjak täze hökümet gurulýarka bäsdeş toparlaryñ arasyndaky deñagramlylyga üns berlendigini nygtaýar. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

ABŞ Nebitiň Bahalaryny Durnuklaşdyrmak Maksady Bilen G20-de Saud Arabystanyna Ýüzlenmek Isleýär

turkmenhabargullugy

W.Putin Merkezi Aziýada we Hazarda Durnuklylygy Üpjün Etmekde Moskwa Bilen Aşgabadyň Özara Gatnaşyklarynyň Möhümdigini Belledi

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Wideo Aragatnaşyk Arkaly Maslahat Geçirildi